Lyrics

Owgan topragyna ugranda ýigit Gyz gözi ownujak hünjüden doldy Owgan topragyna ugranda ýigit Gyz gözi ownujak hünjüden doldy Hoşlaşyk sözüni aýdanda ýigit Uzak aýralygy ýadyna saldy Hoşlaşyk sözüni aýdanda ýigit Uzak aýralygy ýadyna saldy Ýigdiň gidenine sekiz aý boldy Gyz göwnüne başga bir hyýal geldi Näçe ýyl geçsede belki dolanmaz Ölüligi-diriligi bilinmez Näçe ýyl geçsede belki dolanmaz Ölüligi-diriligi bilinmez Bir ýyl geçdi gyzdan ýeke hat geldi Ol ilkinji hem-de soňky hat boldy Bagyşlaý ezizim, bagyşlaý meni? Garşy almak miýesser edenok seni Bagyşlaý ezizim, bagyşlaý meni? Garşy almak miýesser edenok seni Ýigit haty okap çete saýlandy Bolup geçen zatlar hakda oýlandy Bu pikir oglany gaýga gidirdi Oglan haty okap özün yitirdi Bu pikir oglany gaýga gidirdi Oglan haty okap özün yitirdi Birje patron bilen awtomat aldy Göwnüniň söýenje ýerine bardy Ýary gije ýarag sesi ýaňlandy Şeýdim ýaş esgeriň ömri soňlandy Ýary gije ýarag sesi boldy Şeýdim ýaş esgeriň ömri soňlandy Ir bilen görseler bir esger ýatyr Ýüzi ýeri garbap elinde haty Ol hatyň içinde şeýle sözler bar Söýgimde utuldym, bagyşla Nazar Ol hatyň içinde şeýle sözler bar Söýgimde utuldym, bagyşla Nazar Ýigit ýatyr gara ýeriň astynda Gyz hem gujak gerýär onuň üstünde Bagyşlaý ezizim, bagyşlaý meni? Tä ölünçäm unutmaryn men seni Bagyşlaý ezizim, bagyşlaý meni? Tä ölünçäm unutmaryn men seni Rugsat ber ezizim bile gideýin Ýalňyşyma janym gurban edeýin Ol haty ýazmadym gynamak üçin Ýazdym söýgimizi synamak üçin Ol haty ýazmadym gynamak üçin Ýazdym söýgimizi synamak üçin Ýazdym söýgimizi synamak üçin
Lyrics powered by www.musixmatch.com
instagramSharePathic_arrow_out