Lyrics

Nätanyş gyz Bolanokmy gatnaşyp? Yok pul, ýok maşyn Durun garaşyp Geldim azaşyp Ýüz ber azajyk Ýekesireýän Yüregimi çöpläp Senden öňki gyz Çykdy menden ökde Onda söygi ýok Mende söygi köpdi Täzeden ýygnap bolmaz ýaly sökdi Saňa tarap ädim atdym Ýüregimiň uruşy täze zatdy Howadan ysyňy ýene datdym Kyn bolaýmasa gije ýatmak Seni pikir edip Özüme diýýän: "Dursana" Ýöne tutup bolanok ursaňam Biderek gürleýän Ýatdan çykypdyr öýdýän sözleri duzlamak "Gelme ertir" diydiň Aslynda göni düşünmelidim sen nirde, men nirde Bolýar onda men ýöredim Nätanyş gyz Bolanokmy gatnaşyp? Yok pul, ýok maşyn Durun garaşyp Geldim azaşyp Ýüz ber azajyk Nätanyş gyz Bolanokmy gatnaşyp? Yok pul, ýok maşyn Durun garaşyp Geldim azaşyp Ýüz ber azajyk Doglan günüňi bildim Elim doly gülden Ýeke arzuwym maňa birje sapar gülseň Güli uzadýan ýöne Düşünmän dursyň Gepi uzatman senem Diwaryňy gurduň Ýaralandy gursak Ýalňyş düşünme nätanyş gyz ýöne Ýaşyl gözleň seretmäne ýaltanyşy Meni saklamaz Seni görüp başym gitdi Gark bolýan gözleriňde taşlamasaň ýüpi Garaşaryn Gapyň agzynda işden çykañda agşam Gidip bilemok öye başlaly başdan Öýüňe ugradaýyn aýdan onsoň halamasaň "Geläý ertir" diýdiň Yedi otuz Sowuk seyilgäh ýeke biz gel otur Ýüregim titreýa uzat eliňi duý "Saňa öýlenýän meni sozumde tut!" "Meni sözümde tut!" Saňa nädip duşanymy aýdyp berjek ogluma On ýyl bile yoňe entegem seň yanyňa howlugarn men Birzatlar döwülýä içimde degen wagtym göwnüňe seň Seni bagtly etsem
Lyrics powered by www.musixmatch.com
instagramSharePathic_arrow_out